Bigünä adam
Adam başda tämiz, arassa dogýar,
emma kinniwanja, ulalmaly ol,
emme diýip aglaýar,
hakyn alýar birbada,
sözlem düzüp bilmese-de,
bilmese-de näme hukuk,
ýöne soň enesi, atasy, belki,
däpler ýa-da dessurlar,
iň esasy dinler, meger,
kompartiýa, dempartiýa
oglanyň başyny eger,
sandan çykarar ony,
çünki düşündirer çakgan,
bu durmuş syýasat diňe,
diýmek, kime, kimsä ynanma munda,
adam başda tämiz, arassa dogýar,
hapa dünýäň içine,
hemem nälaç hapalanýar,
günä ýok onda.