Başarnyk

Pikir etme gul bolýanlar meýletin
ezijiniň aýagyna ýykylyp,
başarmaýar hiç bir zat,
ýok, olar başarýar örän köp işi,
biri baryp adam satýar çalasyn,
başga biri pikir etmänkä entek,
beýlekisi düşek bolýar indiki
ezijä däl, dalaşgäre gyssanmaç,
birden başlyk bolsa, giç bolar diýip,
pikir etme gul bolýanyň dişi ýok,
ol ýetişer awçy awa çykmanka,
tutmadyk guşuny iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024