Bir tapawut

Kim girende näme seniň jübiňe,
kim uranda näme seniň öýüňi,
doganyň ýa doganoglan, dolanan,
ýegeniň ýa daýyň jan ýaly ýakyn,
obadaş ýa şäherdeş,
ýa tiredeş, jany bir,
ýa milletdeş, gany bir,
ýa arkadaş, dini bir,
üstesine dili bir,
ýa-da dili başgarak,
emma dini birmeňzeş,
ýa-da dini başga düýpden,
kim salanda näme aýagňna badak,
ýa-da aldap, alyp gaçsa geljegiň,
bularyň hiç haçan tapawudy ýok,
bir tapawut seniň özüňde diňe,
garşysyna galýaň ýa-da galaňok.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024