Öýkeden basylanyň derdi
Adam zäher bolsa boýdan-başyna,
ýesir bolup ýaşlygyndan,
eli ýuka, ejiz bolup,
arman bolup durşuna,
öýke bilen, kine bilen ulalsa,
bahyllykdan, görüp bilmän,
başgalarda görse hyruç,
ýa-da höwes, goltugyndan göterýän,
a özünde bolmadyk hiç,
ýüzüne ýylgyryp ýalan,
ýeňsesinden pürker hökman awusyn,
aýdyljagyn, bilinjegin bilse-de,
güýçli öňe gider öýkesin ýeňip,
kineden ýeňilen zäherlär özün,
hem gutulmaz awusyndan ölse-de.