Çykyp bolmaýan türme
Demir gapy, gözenekli,
özi öz türmesin guran,
hem özüni basan oňa,
gandallap elin, aýagyn,
diňe men däl bendi diýip,
durşuna türmä öwrülen
ýurdundan gaçsa-da bir gün,
çykyp bilmez türmesinden,
öz-özüne bolan sürgün,
diwarlaryn böwsüp, ýykyp,
tersine äkider ony,
baran ýerne gizläp, bukup.