Ajyň aňy
Çörek atly, ol pyýada,
nebitli hem gazly ýerde,
derýaly, deňizli ýerde,
gyşy gysga, tomsy uzyn,
gün-güneşli, ýazly ýerde,
uruş-da ýok, gykylyk-da,
dyzap duran ýagy-da ýok,
ol ozalky döwür ýaly,
emma türme bilen zyndan,
içki sürgün, daşky sürgün,
iň bolmanda işsiz galmak,
boldy, bolýar köpüň hurşy,
bu olaryň durmuşy,
kabul edipdir millet,
garşy çyksaň öldürýärler,
tutup, basyp bilseler,
gaçyp sypsaň gargaýarlar,
eneňi, ataňy goýman,
şeýle boldy, şeýle bolar hemişe,
ajyň aňy bolmaz doýman.