Öldürýän zat

Sen ynansaň gep-gürrüňsiz
"ölýäň" diýen lukmana,
hem ölüme tabyn bolsaň şol pursat,
gol gowşuryp, hamala,
gandal urlan gul ýaly,
depesinde gara gylyç galgaýan,
sen ölersiň bigüman,
inkär edip ömrüňi,
ýaşaýyşy - göreş her gün,
hiç azapsyz berilmeýän,
bilýär muny bilmek islän,
kesel däl seni öldürýän,
ýa açlyk däl, horluk däl,
göreşden çekilmek yza,
ýüzüň öwrüp ömürden,
ölümiň ýüzüne ýylgyryp bakmak,
bakan ýaly gözel gyza,
meýletin çöküp dyza...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024