Oýlanmak üçin tema

Saňa alla hakda takal okaýan,
hudaý hakda gürrüň berýän sakynman,
hut ýanyndan gelen ýaly,
öten agşam bile bolup,
hem öwredýän dürslük ýolun,
halallygy, beýlekini,
köne kitaplary eline alyp,
dutaryna guş gonduran ussat dek,
agzyna bilbili gondurjak, belki,
owadan sözleri bilen,
bigünä gözleri bilen,
iň esasy ynansaň, hudawy ýüregi bilen,
ereder ol, söker seni,
el-aýagyň ýüpsüz baglap,
sebäbi sen hak, hudaýdan
delalata garaşýarsyň,
isleýärsiň üçegiňden
hiç ýagyş geçmesin ýazda,
ýetişsin, gorasyn alla,
ol isleýär mal-dünýe täk
ýöne ony hudaýdan däl,
seň kisäňe girip alýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024