Adam we hudaý
Hudaý üçin saňa hyzmat etmezler. Zelili
Bazar seniň hudaýyňy näbilsin,
allaňy näbilsin täjir,
altyn atly, ol pyýada,
gynanmaly ýetmän ölse yzyndan,
öz taňrysy bar onuň,
gije-gündiz dileg edýän, çokunýan,
bu owalam şeýle, häzirem şeýle,
şeýle bolar geljekde-de,
adam dursa dünýede,
arasynda göwnüň alda,
ýa ynanmak isle haka,
bazar seniň imanyňy näbilsin,
elli ýaşap, altmyş ýaşap,
düşünmeseň şu çaka?