Hiç kimiň taktikasy
Hiç kim hiç kim etjek bolar hemmäni,
özi ýaly bolmanda,
hiç kimleri sürer sürüläp öňe,
hiç kimleri söýer diňe,
iň hiç kimi iň ýokaryk çykarar,
çünki aýan hiç kim nirä çyksa-da,
hiç kimligne galar, bolmaz kim, näme,
näçe gowy geýindirseň, bezeseň,
at-dereje berseň, pylany-pylan,
adam bolup bilmez ýylan,
emma bolup biler amatly samsyk,
ulanmaga ýeri gelende ýeser,
hiç kimlikden çykjak bolýana böwet,
ýa batgalyk bolmak üçin,
aýdaly, çäk ýa araçäk çekilse,
dag-derýanyň goýluşy deý arada,
goýluşy dek batgalygyň, tokaýyň,
geçmesi, aşmasy müşgül,
pes adamy üýşürerler, toplarlar,
bolmanda wagtyny aljak geçjegiň,
bu hiç kimiň emelidir hemişe,
çöregiňden, suwdan keser başarsa,
hiç kim eder her gün iýjek-içjegiň.