Hakykat we sen
Hakykata hüjüm etseň,
medal berilýän ýerde,
orden berilýän ýerde,
ýa berilýän ýerde altyndan zynjyr,
at-dereje, wezipejik islegli,
hakykaty aýdyp, ýaşajak bolsaň,
hakykaty aýdyp, işlejek bolsaň,
üstesine aljak bolsaň aýlyjak,
çagalaryň eklär ýaly,
çalşar ýaly aýakgabyň darganda,
hem tünegiň bolar ýaly üstüňde,
gyşda, garda galmaz ýaly aýalyň,
ýa sadasyň, ýa gögele,
ýa-da däli, tentek, belki,
arslan bolup oýnaýan,
köplüginde şagal, tilkiň.