Boýun almasy agyr düşen reallyk

"Çekişmän bekişmez" diýipdir türkmen,
ýa-da bir akyllyň tapan sözi bu,
çekişdirjek bolup ilini, belki,
bekişdirjek bolup ilini, belki,
emma türkmen erkinlige çykanda,
demir tuty syrylyp,
bar bolanja çekişme-de ýapyldy,
gapyldy milletiň agzy,
diýmez ýaly derdini hiç,
dykdylar agzyny diýjek bolanyň,
a indi diý, diýme, ýalňyşýan, belki,
bojak ýaly otuz ýyl giç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024