Sözüň manysy
Sen sözüň manysyn gaçyrjak bolsaň,
hümmetini gaçyran dek manadyň,
arkasynda altyn goýman, zer goýman,
diýen ýaly hümmetli bol, manadym,
iň beýik, owadan sözleri alyp,
mysal üçin, agzybirlik, jebislik,
ýok mahaly hiç birisi olaryň,
gaýtala, suwuny çykar her günde,
sen sözüň manysyn saklajak bolsaň,
ýok zatlary dile çolap,
gaýtalama köp, bende!