Gowy goşant
Döwleti ýumurmak üçin,
hiç uruşsyz, gykylyksyz, içinden,
döwletbaşy bolmak gerek däl hökman,
gaýtman hiç bir haramlykdan, hapadan,
ýa KGB başy bolmak gerek däl,
garalawçy başy, kazylar başy,
oba başy, şäher başy...
çagalara ene dilin öwredip,
sapak berip mekdepde,
on ýylda bir "hawa" sözün
dürs ýazmagy öwretmän hem
ýykyp bolýar döwleti,
ýa gaçyryp bolýar ysgyndan, haldan,
ýa ýönekeý ene bolup,
ata bolup çagaňa,
öý işini barlaman bir,
para berip, gowy diplom äberip,
goşant goşup bolýar döwlet ýykmaga,
gider ýaly iliň ýary iş gözläp,
ýa "okuwa", ýat illerde ykmaga.