KGB-niň gylygy

Adama hat ýazyp bolar,
tanyş bolup ýa-da bolman,
berip bolar şahsy sowal,
ýöne onuň jogap bermek
ýa bermezlik öz işi,
üstesine sorag gümürtik bolsa,
ýa matlaply bolsa başga,
ýa gelmese hiç bir kada-kanuna,
has beteri, din-imana sygmasa,
minnet etme sorag berip adama,
isleýän jogabym almadym diýip,
sebäbi bu KGB-niň gylygy,
ýaşaýar ol sorag berip dünýede,
ýany bilen beýni iýip, baş iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024