Göwünlik

Sen iliňe berip ýaşa baryňy,
sebäbi uýalmaz baryny beren.
Emma baryň bermek jübiňi çöwrüp,
çagalaryň çörek puluna çenli
paýlaşmak däl näkes bilen,
bereniň araga, çilime berjek,
baryň bermek bileniňi,
öwreneniň durmuşdan,
hatda onuň şarpyklarnyň awusyn,
her büdürän daşyň awusyn, belki,
gaýgy-gamyň, aladaňy paýlaşmak,
galdyrman aýratyn özüňe ilki.

Gahar etme arasynda tapylsa,
üstüňe gum sowurýana az berdiň,
ýa bermediň diýip hiç zat,
sebäp, belki, baryn beren
az bolandyr iliňde öň;
sen iliňe berip ýaşa baryňy,
barsyz bilen göwni gedaý,
barly bolsaň, bolman deň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024