Ötünçnama
Men şu gün dyzyma çöküp,
ötünç soramagy müwessa bildim:
eşek janawardan ilki,
soňra doňuz janawardan,
itlerden hem tilki, şagal, möjekden,
aýydan, ýylandan, içýandan ýene
buzawlardan yzyn gömýän,
ýa-da hapa ýygnap, togalap barýan
tomazakdan, gara günli,
sebäbi adamyň näkesin nirde,
ogry-kezzabyny, ýalançysyny,
messepsizin owal-ahyr dogmadyk,
deňeýärler käte ondan on esse,
belki-de ýüz esse bigünä ite,
eşeklere, ýüke werziş, eý, alla,
emma hiç bir jandar ýeriň ýüzünde
adamy adam dek ezmedi, walla,
entetmedi beýle uzak,
adama adam dek gurmady duzak,
gyrgyna bermedi haýwan, ynsanyn,
adam ýaly rehimsiz, tobasyz,
halas etjek bolup diňe öz janyn.