Taňrynyň gylygy
Sen derýany öwürmersiň yzyna,
hünji ýaly damjalardan uç alan,
yrym bilen, doga bilen, al bilen,
sen silleri akdyrmarsyň yzyna,
ýaza mahsus dünýe dursa,
her gyşdan soň gül açýan,
bolşuňdan kän bolan bolup kejeňek,
ýa ördürip alaja,
köpi geçip, azy galan ejeňe,
gaçmasaň tiziräk sülsadyň alyp,
üstüne azda-kän saklajak baýryň,
sebäp taňry, üşük etseň azajyk,
hudaýdan daş daşlygynda ýer-gögüň
adamlary goramaýar, tersine
gülki edýär ile akyldan aýryp.