Iliň türme gursa
Sen il-günüň jaý salynsa,
oba gursa, şäher gursa,
hem ýol çekse owadan,
gutly bolsun diýersiň,
nesip etsin diýersiň,
begenersiň çynyň bilen, elbetde,
bolman bolsaň başga, gara niýetde.
Eger iliň türme gursa,
haýatlaryn belent edip,
zyndan gazsa san-sajaksyz,
hem ýol gursa barýan oňa,
maşyn alsa ýüzläp, müňläp,
türmä tussag daşalýan,
hemem ýarag alsa gidip,
iň bir ösen ýurtlardan,
gorar ýaly türmäň daşyn,
hem gaçanyň ýarsa başyn,
galanlary el çarpyşsa ýaryşyp,
näme diýmeli iliňe,
ýa-da dymmalymy agyr,
daş daňan dek diliňe?