Özüňe geleniňden soň
Eger men özüme ynanýan bolsam,
şübheli bolmasam yzdan hem öňden,
ýa gyzmasam ne diýseler ýeňsämden,
mamla bilýän bolsam özüm,
ýalňyşan-da bolsam käte,
ökünmeýän bolsam çykan ýoluma,
aglamaýan bolsam azaşdym diýip,
ýa tapamok diýip yzym, ülpetim,
maňa däl, aşyk puluma,
hemem şol bir işim -
maňlaýym daşa,
kerpiç diwarlara urduran uzak,
dowam edýän bolsam hiç saýman duzak,
ýa-da dar agajy, barmaly özüň,
asylmaly diýmän bir gün,
sen meniň ýüzüme sögeňde näme,
ýa bildirmän ýylgyraňda, güleňde,
ýa diýeňde näme näme,
men muny tebigy zat saýýan, belki,
ýöne arzuw edýän seňem meň ýaly,
ynanmagyň özüňe bek,
başga hudaý gözlemän,
hem uýmagy oňa soňsuz,
artykmaç söz sözlemän.