Ýara meselesi
"Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez." Türkmen nakyly
Hemme kişi ýaralydyr,
kimsi agyr, kimsi orta,
ýöne hemme aýdyp ýörmez derdini,
sebäp onuň nepi ýetmez hemişe,
her kimiň öz derdi ýetik mahaly,
ýa kişi derdine begenýän känkä,
teselli bilip özüne,
öwren özüň gutarmagy,
arslan ýaly ýarasyny ýalaýan,
agyr, ýeňil söweşden soň,
aýdyp ýörme derdiň hemmä,
begendirme bahyllary, duşmany,
zeýrenme hiç haçan, walla,
puşman bilen ömrüň kemme.