Adamyň sepi

Onuň gürrüňinde, gürrüňlerinde,
saňa berýän, oňa berýän pyşyrdap,
ýa-da pyşyrdaman başga ýok bolsa,
hemme erbet azda-kände ýa ýaman,
bagyşlap bolmajak günäli bende,
egoist, narsisit hemem şermende,
diýmeýär ol açyk, göni men gowy,
ýöne aýdyň edýär ugruny gepiň,
kim bolsun, gybata ýatanda adam,
özi bilmän hökman açar öz sepin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024