"Men" keseli

Dert, mesele "men" diňe,
açlygy däl milletiň,
gedaýlyk däl ruhy,
diktatura, gara çukur
mesele däl eger-eger,
kime seret, bagyrar,
gulagyň gapara gelip,
näme diýýär, näme isleýär adam,
düşünmersiň birbada,
sebäbi söz başga,
päl-niýet başga,
soň aňlarsyň ýuwaş-ýuwaş,
"men" diýýändir neresse,
biraz siňe seretseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019