Biribaryň gylygy
Sen doguljak wagtyň saýlap almarsyň,
haýsy asyr, haýsy döwür, nä zaman,
saýlamarsyň milletiňi, tiräňi,
alla, hudaý, ýa ýaradan, ýa taňry,
zyňar goýbär makul bilse niräni,
ýa-da haçan, gerekmi sen, bigerek,
ýöne, meger, diktator däl ýaradan,
pikirini boýna dakýan her edip,
ýa her edip, ahy-nala etdirýän,
hem durýar ol özüň dursaň arkaňda,
emma gidýär ejizleseň, aglasaň,
hemem diýseň ýetdirmäkäň ýetdirýän.