Açyk gep

Sen olaryň nämedigin, kimdigin,
ýa nä güne salýanyny özüňi,
menden gowy bilýäň millet, ilguly,
emmaki bilmeýdik bolýaň,
düşünmedik bolýaň, çünki,
galmaly düşünen günüň,
dikelmeli kiçi, uly,
hem etmeli etmelisin,
kabul edýän oýnuň seniň,
oturmaly, garaşmaly,
ýa ýatan bolmaly uklap,
oýnamaly doky açkaň,
bagtyýary betbagt günüň,
seniň sabryň soňsuz bolsa,
ýa gerek däl bolsa ömür,
men ýüzüme kül-kirşen däl,
çalyp ýatýan gara kömür.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019