Adam we jogapkärçilik
"Taňrym, gora bolşewigiň şerinden?!"
diýip ýalbarypdyr biri.
Emma taňry goramandyr, sebäbi
adam ogly turmaly hem durmaly,
goramaly özüni ol,
goramaly ogul-gyzyn,
gol gowşurup ýa-da taňra ýalbaryp,
bolşewikden, oň yzyndan geljekden
goranyp bolmaýar, bolmajak asla,
adam bolan göreşmeli her demde,
hemem, belki, ýaralanman, ölmän däl,
ýaralanyp, ölüp galmaly diri.