Beýleki tarapyň sesi

Beýleki tarapyň sesin
bogýanlara goşulma,
arka durma, kömekleşme
passiw ýa-da agressiw,
çörek iýme ses kesip.

Beýleki tarapyň sesin,
tiredeşiň ýa-da däl,
çüýşedeşiň gybat edýän,
bozmak üçin beýlekini,
ýa ýöne bir keseki, ýat,
bogýanlara goşulma,
nepiň üçin, elbetde,
meýletin ýa mejbury,
ses kesiji, ses bogujy,
sem ediji bolmajak bol,
ses bogýana kömek edip,
ertir sessiz galmajak bol.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019