Halasgärligiň başlanýan ýeri

Internetde "Ene dilim" kitaphanasyny döredenlere bagyşlanýar.

Halas etmän bilersiň sen adamy,
hatda ýakynyň-da bolsa,
sebäbi bu aňsat iş däl,
ýa bagly däl diňe halas etjege,
adam örän çylşyyrmly,
çylşyrymly ykbaly-da adamyň,
üstesine durmuş, gaýly-tupanly,
emma halas edip bolýar isleseň eger
bir kitabyn, ikisin ýa onusyn,
aljyran milletiň ýitirjek ertir,
zir-zibile taşlanyp ýa
nas satana guýguç bolup,
bardygam bilinmän, belki,
munuň üçin millet derdine ýanýan
ogul bolmaly ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024