Millet ýalňyşsa
Bir adamyň ýalňyşyny,
goý, her niçik uly bolsun,
düzedip bolar bir gün,
aýdyp-diýip ýüzüne ýa
düşündirip başgaça,
hiç bolmasa alla alar ýanyna,
emma köplük ýalňyşsa,
ýagny millet diýilýän,
ýaşap bolar öýdüp ýalan,
talaň bilen bir-biregi,
üstesine gülen bolup,
bagtly bolup oýnasa,
düzetjek tapylmaz ony,
aýdyp-diýýän tapylsa-da,
bilmedik bolmaly muny.