Baş gahryman
Gün-güzeran gowulandy,
durmuş ösdi diýýär ýigit,
sebäbi öň "Žigulisin"
ýagyş ýagsa münmeýärdi,
indi maşyn hatar-hatar,
bir gün gämi münse aýnap,
ertesi gün dikuçarly,
ýa her hili tüpeň atar,
hanjar zyňar haýbatly,
hem onlukdan urar mydam,
el çarpmasaň, bagtyň ýatar;
durmuş gowulandy oňa,
hemem dowzah siňe baksaň,
hem özüne, hem iline,
sebäbi aldaýar özün,
gün-günden girdaba çümüp,
emma muňa düşünmeýär,
ýa-da düşünmedik bolup,
oýnaýar ol diňe berlen roly,
ýeke talap – görünmeli gomalyp.