Şertlilik
Meniň adam bolmagym,
hem galmagym adam bolup kyn günde,
mysal üçin, baý garyby iýende,
depesinden basyp TW-si bilen,
diýmelini diýip bilmegim, belki,
hemem işim ýitirmän,
türmä düşmän galmagym,
ýa-da gaçyp, ýat illerde
gara başym gutarmagym
diňe meniň öz işim däl,
diňe maňa bagly däl ýa,
meger, adam bolmagy-da,
aýagasty galmagy-da,
iliň özi saýlap alýa.