Pikir etme

Pikir etme, bilmezler,
ogry bolsaň, kezzap bolsaň,
seniň özüň aýdarsyň,
gürrüň berersiň barça,
taladym men sizi diýip,
sygdyrmaz hiç aňyň içi,
ogurlanan uly, kiçi,
güjeňlärsiň haram malyň,
garyplygy az dek iliň.

Eger-de sen azgyn bolsaň,
depeleýän adamlary,
aldap ýa-da gorkuzyp,
pikir etme, bilmezler,
seniň özüň aýdarsyň,
depelenen ynsanlaryň
suratlaryn, wideosyn görkezip,
hem ýaz bolup ýylgyrarsyň,
bilýäniňe adam ezip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024