Durmuş

Sen adama aýdyp, diýip,
öwretmersiň hiç sözi,
mysal üçin, adalaty,
ýüz gaýtala, düşündir,
özi bir gün maňlaýyn
ýardyrýança haksyzlyga,
düşündirip bilmersiň,
nämä gerek hakykat ýa dogry söz,
näme bilen iýilmeli,
nämüçin ol aýdylmaly
millet batga batmazdan öň,
ýürek-bagryň paralap,
hökman hapa çümjegin
äsgermezlik etse sözi
hemem onuň manysyn,
sen adama aýdyp, diýip,
öwretmersiň hiç haky,
öwreder durmuşyň özi,
gaty ýerler ýoldaky.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024