Pelsepe
Zyňan daşyň, bakma, gör, kime deger,
baş mesele - özüň asy däl eger
näme eden bolsaň ozal,
näme etjek bolsaň indi,
gezek ýeten diňe özüni öwer,
özgäni garalar, gömer başarsa,
sebäp adam özi üçin ýaşaýar,
bu onuň mazmuny ýa edýän zady,
ýeňiji ýazypdyr, ýazýar taryhy,
ýeňileniň, gökdäkiden garaşma,
ýerde ýeke kişä ýetişmez dady.