Özüme pent
Türkmen dursa, durjak goşgulary ýaz,
saňa çenli ýazylmadyk hiç haçan,
Magtymguly bolup hatda,
"Delalat isleseň, ilden ne peýda"
diýen Zeliliniň ýürek sözünden
aňyrrak git, göwün goşgusyn ýazsaň,
Kerim Gurbannepes, Gurbannazarlar
ýazmajagyn ýazdy gorkup,
gul boldular partiýa,
ata-babasyny gyran,
baý diýip, kulak diýip,
basmaçy diýip basyp,
gaňryp alyp erkin elden,
göni aýtsaň, galyp dilden;
gypjyn-gypjyn bolup ýaşan,
pikir etme Agrar partiýa bu gün,
ýa-da Demokrat, Senagatçylar
gowy bolar, uzak gider
Kompartiýa, diýdimzordan,
Ata Salyh bolma taryh gatynda,
Durdygylyç bolma, Körmolla bolma,
türkmen dursa, durjak goşgulary ýaz,
şöhrat üçin, kürsi üçin, at üçin,
zat üçin satylyp, ölmäkäň ölme.