Adam seniň obadaşyň
Adam seniň obadaşyň, ildeşiň,
kärdeşiň kär diýseler ýa,
ýa ýoldaşyň uzak ýolda,
pikirdeşiň göräýmäge,
ýa-da şeýle bolmaly,
sebäp gowy görýär adam hukugyn,
kada-kanun tarapdary dilinde,
goragçysy adalatyň,
emma jedel gyzsa çala,
goldaýar ol Stalini, Lenini,
diýýär gyrylmadyk bolsa,
ýüz müňläp ýa milýon ynsan,
baş bermezdi basmaçylar,
gurulmazdy Sowetistan;
goldaýar ol Dimany hem Wowany,
jedelde basylsa, gygyrýar çasly,
beýniňden öň harap gulagyň haly,
gaçýarsyň pyşyrdap aman, tobaňy,
adam seniň tiredeşiň,
emma bilýäň - başarsa,
bolmak üçin Wowa ýaly,
ýere sokjak obaňy.