El çarpyjy problemasy

El çarpyjy ýetişdirýän mekdepler,
el galdyryp, sorag berýän,
düşündim diýmeýän düşünmedigne,
iki-ýeke höçjet utandyrylsa,
özüni akylly, edenli saýýan,
dymyjyny ýetişdirýän mekdepler,
ýetişdirýän ogrulary ertirki,
ýetişdirýän çäreçi kän,
birigün özüni ýok eder hökman.

Sorasaň, hemmesi diplomly, dogry,
at-dereje alan ugruny tapyp,
emma iň esasy işi -
el çarpyjy ýetişdirýär,
utandyrýar sorag berjek çagany,
kellesini ulanjagy söýmeýär,
bar bilýäni ýokarkylar, görkezme,
diňe ýurduň geljegin däl,
öz geljegin ogurlaýar her günde,
el çarpyjy okatsa ýa
el çarpyjy bolup okasa bende.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024