Ýaradanyň pikiri
Men bilemok ýaradanyň
näme pikir edenin
ýaradanda türkmeni,
ýöne hiç ynanyp bilemok onuň
dogrusyny aýdan türkmen ölmeli,
ýa galmaly türmede,
ýa-da bagty gelse gaçyp,
ýat illere çykmaly,
aglamaly ejesini ýitirip,
aglamaly kakasyny ýitirip,
gelip bilmän hoşlaşmaga
ogrular sürýärkä döwran,
diýenine eger-eger,
ýa ýaradan, alla, hudaý,
şuny pikir eden bolsa,
ret edýärin ony,
sebäbi beýle hudaýyň
bolanyndan bolmany kän,
elli esse gowy, meger.