Sahyrlar we gazal

Şahyrlar her hili bolýar,
biri ölýär KGB-niň elinden,
biri dälihana, türmä taşlanýar,
biri gaçgak bolýar ýurtdan,
beýlekisi gol gowşurup işleşýär,
kärdeşlerin satyp geçen ýerinden,
ýene biri ikilikçi ogluny
işe ýerleşdirýär eltip,
KGB-de tirýek satyp tutuljak,
hem gutuljak basylman,
kakasynyň arkasyndan,
kesbin satýan akyl satmazdan ozal,
şahyrlar her hili bolýar,
her hili ýazylýar gazal.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019