Oýlanma baýry

Kerim aga diýip gowy görerdik,
ýaşdyk, görmegeýdik, düşünmeýärdik,
gulçulygyň şahyrydy,
şahyrydy partiýanyň,
kommunizm gurýan talap,
wasp edýärdi ezijini ýaltanman,
arasynda gülüp jykyrdap, ýalan;
Gurbannazar diýip gowy görerdik,
ýaş gidipdi düşünmän,
ýa islemän düşünmegi,
indi yzymyza seretsek – boşluk,
öňümiz – garaňky, gorkýarys örän,
emma yza dönmek iň soňky çäre,
gitmek galýar öňe ýöräp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019