Wyždan azaby

Her gün irden turup, alla,
sabyn alsam elime,
KGB düşýär ýadyma,
sabynymy ogurlan kän,
hemem beren sözüm bir gün,
azatlyga çyksam eger,
sabyn ibererin size,
ýuwar ýaly eliňizi,
päliňizi diýip, belki,
aýda birki gezek bolman,
aman, aman, ýat illerde,
galdym sözümde tapylman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019