Adama gerek zat

Adama alla gerek,
hudaý gerek her günde,
adam bolmak üçin däl,
köşedirmek üçin özün,
örter ýaly köstüni,
emgenesi gelmese,
çagyrar ýaly daryksa,
ýa gyssaga düşse çala,
ýa agralsa hal-ahwaly,
kelle döwmek, elbetde,
aňsat düşmeýär gula,
emma aňsat hak, hudaýy çagyrmak,
diýmek ýetiş, alla jan,
bolsaň eger bir ýerde,
hala garyp esger bol,
hala baýan serkerde,
alla gerek adama,
taňry gerek heran-haçan,
şondan, meger, alla diýýär,
ýa sygynan bolýar haka,
hem kowalan, hemem gaçan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024