Kejir syýasat

Olar syýasata gatyşmaýarlar,
gatyşmaýar ýurt gurmaga,
göni gelip, göni durup, aç-açan,
goşulýarlar ýeňsesinden,
arka tarapyndan gelip,
elleri paltaly, pully,
namaz okaýany ýa-da okaman,
iki sözüň birin alla edinen,
hemem hiç haramdan gaýtmaýan süri,
goşulmaýar düzüw döwlet gurmaga,
çagalary ýaşar ýaly erkana,
ýurt urmaga gatyşýarlar,
ýeňsesinden ýa aşakdan,
birisi tans edip gatyşýar, dogry,
beýlekisi aýdym aýdyp gatyşýar,
para berip gatyşýanlar has köplük,
para alyp gatyşýanlar has köplük,
sebäbi bu esasy ýol, ýörelge,
bir-iki däl, köplük bolup gurulan,
gülýär olar syýasata gatyşsaň,
göni gelip, göni durup, aç-açan,
hemem, walla, oýnaýarlar ot bilen,
käbirisi diri gutulýar, dogry,
emma käsi ýitýär gidýär türmede,
çagalarna goýup ýolun, ýodasyn,
çeýeligin, para-pully,
ýurt gurmaga gatyşmadyk dik durup,
öz gabryny özi gazyp, dogrusy,
öňünden ol ýere gatnaýar gülli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024