Ynanmasaň

Ynanmasaň, ynjamarsyň,
hala dogan bolsun, hala-da dostuň,
ýat-keseki, çala tanyş, pikirdeş,
garaşmasaň oňlulyga,
haýry, şeri özüňe çen kiçeldip,
tamakin bolmasaň eger,
ýa bolmasaň umydygär,
ynan şuňa, agyrmarsyň beýle kän,
ýa-da bagyşlarsyň, unudarsyň tiz,
göwnüňe ýa buýsanjyňa degeni,
bilip ýa-da bilmän, ýa bolup bilşi,
guwanmasaň, ynjamarsyň,
belki, ýalňyş garaşmakda, tamada,
agtarmakda öňýetenden egindeş,
imrinmeseň, walla, agyrtmaz adam.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019