Ogry päli
Ozalky ogrynyň pikiri şeýle,
sen öňküden, özi ýaly,
ogurlanýan ornuňy,
wezipäňi alandan soň öýkeli,
ýa zyndana salandan soň ýanýarsyň,
ogurlan malyňy, eliňden alnan,
her edip yzyna aljak bolýarsyň,
bolsa ýene ogurlamak maksadyň,
ýok, beýle däl diýseň, ynanmaýar ol,
däli ýa-da kezzap ýaly seredýär,
gözi çakgyň çüýi ýaly,
sebäbi hiç alma agajyndan daş,
beýle uzak ara düşüp bilmeýär,
baş ogry ýa ony saýalap ösen,
bal gününe batan ogryň niýeti,
ýa-da päli nirä gitsin, ölmeýär.