Wagty gelmese
Sen arslan-da bolsaň,
arkaýyn bolma,
syrtlanlar köp bolup,
iýer başyňy;
sen hudaý-da bolsaň,
garyňa galma,
ulus iller islemese erkini,
sebäbi wagty gelmese,
erk bereniň ýa-da berjek bolanyň,
mejbury däl, keýpine,
höwes bilen awy eder aşyňy.