Arman

O betbagtyň bagtygara,
açgözlügi owarram,
gözi doýman mal-dünýeden,
çagalaryň, ýetim-ýesir, dul hatyn
hakyny iýýäni durman,
üstesine oýnatgy,
kim diýseler – ynanýan,
tanamaýan öz-özüni,
tanamaýan özgäni,
näme bolsa, şol bolsun,
emma jähenneme giden
ýeke gitmeýär hergiz,
käte alyp gidýär ýüz müň, milýony,
ýany bilen, eý, aman,
o betbagtyň bagtygara,
öz-özüni ýok edeni owarram,
bizi hem ýok edýär arman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024