Ozal özüň bozulma

Sen özüň bozulma ozal,
bozulmagyn islemeseň
ogul-gyzyň yzyňda,
agtyklaryň has beteri,
saňa seredýän günde,
sen özüň bozulma ozal,
obam bozulmasyn diýseň,
diýseň ýurdum bozulmasyn,
öňünde ýa soňunda,
emma özüň bozuk bolsaň,
ogry bolsaň ogry bilen,
egri bolsaň egri bilen,
ertir gelip ozal oglan bolan dek,
dogrulyga çagyrma,
ogurlan malyňy giderip elden,
sen özüň bozulma ozal,
soň bagyrsaň, gelmeseler,
gaty, agyr görme ilden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024