Ýurt meselesi

Ejem gitdi,
ýary gitdi watanyň,
kakam gitdi,
bary gitdi watanyň,
iki-ýeke ele bakýan,
ýa seredýän aýagyma
hiç hasapdan hasap däl,
a başyma seredýänler,
gynansam-da, köp däl beýle,
ýa bolsa-da çekinýärler,
başyn götermäge ýerden,
ady bolsa bolup biler,
emma özi bolmaz uzak,
mertligi gutaran ýurduň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024