Agyr gürrüň

Agyr gürrüň etseň, dogry,
göwni galjak tapylar,
öýkelejek tapylar,
sebäp özün görer adam
agyr işiň gapdalynda,
gapdalynda garalygyň,
ýesir bolsa ýa keýpine
gulluk etse ýalana,
şärik bolsa ogurlyga
gatnaşyp ýa gatnaşman,
iň esasy öz ömürni ogurlap,
özünde özüni öldürip daşlap,
agyr gürrüň etseň, dogry,
käte etdirerler puşman,
ýöne ýeňil gürrüň edip,
gözüň ýumup gök ýalana,
hem ýylgyryp ýalandan,
özgäni däl, özüň aldap,
geçip gitmek çözgüt däl,
tapmasaň-da başga many,
belki, biraz agyr gürrüň,
iň bolmanda özi bilen,
taba salýar ynsany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024